Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Musa Ýazer galasyny gözden geçirmek üçin, içalylar ugratdy. Soňra ysraýyllar onuň töweregindäki obalary basyp aldylar we ol ýerdäki amorlary kowup çykardylar. Onsoň gatlar Dibon, Atarot, Aroger, Atrotşopan, Ýazer, Ýogboha, Beýtnimra we Beýtharan ýaly berk galalary dikeltdiler we dowarlar üçin agyllar gurdular. Ýaz paslynda, patyşalaryň ýörişe gidýän döwri Dawut öz nökerlerini, ähli ysraýyl goşunyny Ýowabyň ýolbaşçylygy astynda söweşe ýollady. Olar ammonlary kül-peýekun etdiler, Raba galasyny gabawa aldylar. Emma Dawut Iýerusalimde galypdy. Indi Ýowap ammonlaryň Raba galasynyň garşysyna uruşýardy. Ol şa galasyny basyp aldy.
Выбор основного перевода