Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýdip, biz Iordanyň aňyrsynda amorlaryň iki hanynyň ýurduny basyp aldyk. Arnon jülgesinden Hermon dagyna çenli belent tekizlikdäki ähli galalary, tutuş Gilgady, Salka we Edreýe çenli Başandaky Oguň hanlygynda bolan ähli galalary basyp aldyk. Manaşa tiresinden Ýaýyr diýen adam geşurlylaryň we magakatlylaryň araçägine çenli bolan tutuş Argopy aldy we ol ýerleri Başandan soň öz adyna görä, Hawotýaýyr diýip at berdi. (Ol şu güne çenli hem şeýle atlandyrylýar.) Gilgat, Geşur, Magakat topragy, tutuş Hermon dagy we bütin Başandan tä Salka çenli bolan ýerler;
Выбор основного перевода