Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Musa olara: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Siziň hemmäňiz gylyçlaryňyzy dakynyň! Siziň her biriňiz düşelgeleriň bir çetinden beýleki çetine çenli gapyma-gapy aýlanyp, öz garyndaşyňyzy, dostuňyzy we goňşyňyzy öldüriň“» diýdi. Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Barlygymdan ant içýärin, ähli ýigrenji zatlaryňyz we nejis işleriňiz bilen mukaddes öýümi murdar edendigiňiz üçin, Men-de sizi gylyç bilen gyryp taşlaryn; gözüm gaýgyrmaz we haýpym gelmez. Araňyzda nejis işler edýändigiňiz üçin, Men sizi öz ýollaryňyza görä jezalandyraryn. Gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz“». Araňyzda nejis işler edýändigiňiz üçin, öz tutan ýollaryňyza görä jezalandyraryn. Gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez. Şonda özüňizi jezalandyranyň Men-Rebdigimi bilersiňiz.
Выбор основного перевода