Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Pislik ot kimin ýanýar, çalydyr tikenleri ýalmaýar ol, tokaýyň gür ýerlerini tutaşdyrýar, tüsse al-asmana galýar. Olardan gorkma, seni halas etmek üçin Men seniň bilendirin». Muny Reb aýdýandyr. Emma sen welin, biliňi berk guşa. Tur-da, buýurýan ähli zatlarymy olara aýt. Olardan gorkma, ýogsam Men-de seni olaryň gözüniň alnynda gorka salaryn. Seniň maňlaýyňy almaz ýaly çakmakdaşyndan hem gaty etdim. Olar pitneçi halkdyr, olardan gorkma, ýüzlerinden heder etme». Ýer ýüzünde wepadar galmady, ynsanlaryň arasynda dogruçyly ýok. Gan dökmek üçin bukuda ýatýar bary, dogan dogana duzak gurýar. Iň gowusy tiken kimindir, iň dogruçyly tikenli germewden beterdir. Gözegçileriniň duýduryşy deý, olaryň jeza güni gelip ýetdi. Indi howsala düşýär olar. Siz dogrulyk üçin görgi görseňiz hem bagtyýarsyňyz. Adamlaryň size salýan howpundan gorkmaň, dowla düşmäň.
Выбор основного перевода