Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gazabyndan ýaňa tüsse çykdy burnundan, ýuwudyjy ot bilen köreýän közler çykdy agzyndan. Onsoň seraflaryň biri maňa tarap uçdy. Onuň elinde gurbanlyk sypasyndan ätişgir bilen alnan köräp duran köz bardy. Ine, demirgazyk tarapdaky ýokarky derwezäniň ýolundan alty adam geldi. Her biriniň elinde gyrýan ýaragy bardy, aralarynda bolsa eginbaşy nepis zygyr matadan tikilen we bili ýazuw esbaply bir adam bardy. Olar içeri girip, bürünç gurbanlyk sypasynyň ýanynda durdular. Ysraýyl Hudaýynyň şöhraty keruplaryň üstünden aýrylyp, Hudaýyň öýüniň bosagasyna geldi. Reb eginbaşy nepis zygyr matadan tikilen, bilinde ýazuw esbaby bolan adamy çagyryp, Tigirler bolsa, meniň eşidişim ýaly, «Aýlanýan tigirler» diýlip atlandyryldy. Başga bir perişde gelip, gurbanlyk sypasynyň öňünde durdy. Onuň elinde altyndan gap bardy. Bu perişdä köp mukdarda ýakymly ysly tütetgi berildi. Ol bu tütetgini Hudaýyň halkynyň doga-dileglerine goşup, tagtyň öňündäki altyndan ýasalan gurbanlyk sypasynda hödür etmelidi.
Выбор основного перевода