Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men satuw şertnamasyny daýymyň ogly Hanameliň, oňa gol çeken şaýatlaryň we garawulhanada oturan ähli ýahudalaryň gözleriniň alnynda Mahseýanyň agtygy, Neriýanyň ogly Baruga berdim. Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň dördünji ýylynda Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy: Onsoň Ýermeýa Neriýanyň ogly Barugy çagyrdy. Baruk hem Rebbiň Ýermeýa aýdan ähli sözlerini onuň dilinden bir kagyza ýazdy. Baruk: «Ol bu sözleriň baryny maňa dilden aýtdy, men hem syýa bilen kagyza geçirdim» diýip jogap berdi. Onsoň Ýermeýa başga bir düýrlenen kagyzy Neriýanyň ogly Baruk kätibe berdi. Baruk hem Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň oda ýakan kagyzynyň ähli sözlerini Ýermeýanyň dilinden oňa ýazdy. Bu düýrlenen kagyza başga-da köp pygamberlik sözleri ýazyldy.
Выбор основного перевода