Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýoşyýanyň patyşalygynyň on sekizinji ýylynda patyşa Asalýanyň ogly, Meşullamyň agtygy Şapan mürzäni şeýle tabşyryk bilen Rebbiň öýüne iberdi: Onsoň patyşa Hilkiýa ruhana, Şapanyň ogly Ahykama, Mikaýanyň ogly Akbora, Şapan mürzä we öz hyzmatkäri Asaýa şeýle tabşyryk berdi: Şeýdip, Hilkiýa ruhany, Ahykam, Akbor, Şapan we Asaýa dagy Hulda atly pygamber aýalyň ýanyna gitdiler. Hulda egin-eşik sakçysy Harhasyň agtygy, Tikwanyň ogly Şallumyň aýalydy. Ol aýal Iýerusalimiň ikinji bölüminde ýaşaýardy. Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýahudada galdyran halkynyň üstünden Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýany häkimlige belledi. Indi bütin goşunbaşylar we olaryň adamlary Babyl patyşasynyň Gedalýany häkim edip belländigi barada eşidenlerinde, Netanýanyň ogly Ysmaýyl, Kareýanyň ogly Ýohanan, netopaly Tanhumetiň ogly Seraýa we bir magakatlynyň ogly Ýazanýa dagy öz goşunlary bilen Mispa, Gedalýanyň ýanyna geldiler. Gedalýa olara we olaryň goşunyna ýüzlenip, ant içip: «Babyllylaryň hökümdarlaryndan gorkmaň. Ýurtda mesgen tutup, Babyl patyşasyna gulluk ediň. Şonda size oňat bolar» diýdi. Emma ýedinji aýda patyşa neslinden bolan Elişamanyň agtygy, Netanýanyň ogly Ysmaýyl özüniň on adamy bilen Gedalýanyň ýanyna geldi we olar ony öldürdiler. Şeýle hem olar Mispada, Gedalýanyň ýanynda bolan ýahudalary we babyllylary-da öldürdiler. Onsoň patyşa Hilkiýa ruhana, Şapanyň ogly Ahykama, Mikaýanyň ogly Abdona, Şapan mürzä we patyşanyň hyzmatkäri Asaýa şeýle tabşyryk berdi: Emma Şapanyň ogly Ahykamyň Ýermeýany goraýandygy sebäpli, ol öldürilmäge halkyň eline berilmedi. Ýermeýa Iýerusalimiň basylyp alnan gününe çenli garawulhanada galdy. Babyla sürgün edilen ähli Iýerusalim we Ýahuda ýesirleri bilen birlikde Ýermeýa hem zynjyr bilen baglanyp, Rama äkidildi. Ol ýerde janpenalaryň baştutany Nebuzaradon Ýermeýany tanap, ony boşatdy. Soňra Ýermeýa Rebbiň sözi aýan boldy. Janpenalaryň baştutany Ýermeýany ýanyna çagyryp, oňa şeýle diýdi: «Bu ýurduň üstünden betbagtlyk inderjekdigi hakynda Hudaýyň Reb aýdypdy. Ine, ony inderip, aýdyşy ýaly hem etdi. Bu zatlaryň bary Rebbe garşy günä edendigiňiz we Oňa gulak asmandygyňyz üçin siziň başyňyzdan indi. Indi men seni elleriňi zynjyrdan boşadaýyn. Eger meniň bilen Babyla gitmek isleseň, ýör, gideli, men saňa göz-gulak bolaryn. Emma meniň bilen Babyla gitmek islemeseň, onda gal. Ine, öňüňde tutuş ýurt ýatyr! Nirä gitmek gözüňe hoş ýaksa we dogry bolsa, şoňa git». Ýermeýa entek jogap gaýtarmanka, ol ýene sözüni dowam etdi: «Babyl patyşasy tarapyndan Ýahuda şäherlerine häkim goýlan Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna git-de, onuň bilen bile halkyň arasynda ýaşaber ýa-da nirä gitmegi dogry hasaplasaň, şoňa-da git». Şeýlelikde, janpenalaryň baştutany oňa azyk-owkat we peşgeşler berip, ony ýola saldy. Onsoň Ýermeýa Mispadaky Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna gitdi. Mispa baryp, onuň bilen birlikde ýurtda galan halkyň arasynda ýaşady.
Выбор основного перевода