Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Meni çagyr muşakgat günde, seni halas ederin, Maňa şöhrat aýdarsyň şonda». Meni çagyranlarynda jogap bererin. Muşakgatlarda olar bilen bolaryn, azat edip, şan-şöhrata beslärin. Indi eşidenleriňiziň ählisini görüň; olary yglan etjek dälmisiňiz? Indiden beýläk size täze zatlary, siziň bilmeýän, gizlin zatlaryňyzy aýdaryn. Onsoň Meni çagyrarsyňyz, gelip, Maňa doga okarsyňyz, Men-de sizi eşiderin. «Eý, Hökmürowan Reb! Beýik gudratyň we güýjüň bilen ýeri we gögi ýaratdyň. Seniň üçin hiç bir kyn zat ýok. «Ine, bütin adamzadyň Hudaýy Reb Mendirin. Meniň üçin kyn zat barmy?
Выбор основного перевода