Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olar agyz bekleseler-de, olaryň perýadyna gulak asmaryn. Olar ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny hödürleseler-de, Men olary kabul etmerin. Tersine, gylyç, açlyk we mergi bilen olary ýok ederin». Bu şäherde galan gylyçdan, açlykdan we mergiden öler, emma daşary çykyp, özlerini gaban babyllylaryň eline düşen öz janyny gutaryp aman galar. Emma haýsy hem bolsa bir millet ýa-da patyşalyk Babyl patyşasy Nebukadnesara gulluk etmese, onuň boýuntyrygyny dakynmasa, Men olary bu patyşanyň eli bilen doly ýok edýänçäm, şol milleti gylyç, açlyk we mergi bilen jezalandyraryn. Muny Men – Reb aýdýandyryn“. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Iýerusalimdäki ynsanlary we haýwanlary ýok etmek üçin üstlerine dört agyr hökümimi: gylyç, açlyk, ýyrtyjy haýwanlar we mergi ýollanymda, olaryň ýagdaýy has çökder bolar.
Выбор основного перевода