Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siz açlygyňyzdan ýaňa ogullaryňyzyň, gyzlaryňyzyň etini iýersiňiz. Duşmanyňyz siziň daşyňyzy gabap, çykgynsyz ýagdaýa salanda, siz açlykdan ýaňa öz bagryňyzdan önen perzentleriňizi – Hudaýyňyz Reb tarapyndan berlen ogul-gyzlaryňyzyň etini iýersiňiz. Ol çagalarynyň etinden olaryň hijisine bermez, sebäbi duşman ähli galalaryňyzy gabap, sizi çykgynsyz ýagdaýa salanda, olara iýmäge hiç zat galmaz. Halk onda-munda tapanyny iýer, ýöne şonda-da doýmaz, aç bolar, her kes öz garyndaşynyň etini iýer. Ýuka ýürek aýallar çagalaryny öz elleri bilen özleri bişirdi. Eziz halkymyň heläkçilik gününde çagalary olara iýmit boldy. Munuň üçin siziň araňyzda ata-eneler çagalaryny, çagalar bolsa ata-enelerini iýerler. Men siziň garşyňyza hökümler çykararyn we sizden diri galanlaryň ählisini ýeliň çar tarapyna dargadaryn».
Выбор основного перевода