Ýa Reb, meniň bilen dawalaşýanlar bilen Sen dawalaş; meniň bilen söweşýänler bilen Sen söweş;
Emma Reb şeýle diýýär: «Hawa, güýçliniň ýesirleri yzyna alnar, zalymyň oljasy elinden azat ediler; Men saňa garşy durana garşy durup, çagalaryňy halas ederin.
Eý, Hökmürowan Reb, dogry adamlary synaýan, ýürekleri görýän we pikirleri okaýan Sensiň! Dawamy Saňa mälim edýärin, olardan aljak öjüňi göreýin!