Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men ýas tutýan wagtym mukaddes paýyňdan iýmedim. Murdar wagtym men ondan hiç zat paýlamadym. Men ondan hiç zady ölä hödür etmedim. Edil maňa buýruşyň ýaly edip, Hudaýym Reb, Saňa boýun egdim. Dymyp ah çek; öliň üçin ýas tutma; selläňi geý, çarygyňy geý, sakgalyňy örtme; ýas çöregini iýme». Ysraýyl halky içgi sadakasyny Rebbe bermez. Gurbanlyklaryndan Ol razy bolmaz. Onuň nany ýashana ýeriniň çöregi ýaly, ondan iýenler haram bolarlar. Çünki olaryň nany diňe garyn doýurmak üçindir. Ol Rebbiň öýüne getirilmez.
Выбор основного перевода