Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Iýerusalimiň daş-töweregine suw kimin olaryň ganlaryny dökdüler, olary jaýlan bolmady. Ýol görkezýänler bu halky azaşdyrýarlar, olara eýerenler bolsa betbagtçylyga uçraýarlar. Bu halkyň jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar, olary hiç kim kowmaz. «Şol wagt Ýahuda patyşalarynyň, ýolbaşçylarynyň, ruhanylarynyň, pygamberleriniň süňkleri, Iýerusalimiň ilatynyň süňkleri gabyrlaryndan çykarylar. Muny Reb aýdýandyr. Bu süňkler olaryň öz söýen, gulluk eden, yzlaryna eýeren, maslahat sorap sežde eden zatlarynyň, ýagny Günüň, Aýyň, tutuş asman jisimleriniň astyna serler. Olar ýygnalyp jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly ýatar. Eger içiňden: „Näme üçin bu zatlar meniň başyma düşdükä?“ diýýän bolsaň, bu etmişleriňiň köplügi sebäpli etegiň açyldy we namysyňa degildi. Efiopiýaly öz teniniň reňkini, gaplaň meneklerini üýtgedip bilermi? Siz hem şonuň ýaly şer işleriňize uýgunlaşansyňyz ýagşylyk etmegi asla bilmeýärsiňiz. Men olary çöl ýeli bilen sowrulýan saman külkesi kimin dargadaryn. Seniň nesibäň, saňa ölçäp beren paýym budur. Muny Men – Reb aýdýandyryn, çünki sen Meni unutdyň, ýalana bil bagladyň. Olar agyr kesellerden ölerler, olar üçin ýas tutulmaz, jesetleri jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly bolup ýatarlar. Olar gylyçdan we açlykdan heläk bolarlar. Jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar.
Выбор основного перевода