Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Ýakubyň haty
1 2 3 4 5
Параллельные места
Garaşyp, bir müň üç ýüz otuz bäş güne ýeten adam nähili bagtly! Ýaryşa gatnaşýan her kes özerkliligi türgenleşdirýändir. Ol muny wagtlaýyn bir täji almak üçin edýär. Biz bolsa muny baky täji almak üçin edýändiris. Dogrulyk Kazysy bolan Reb Isa Öz geljek gününde maňa dogrulyk täjini baýrak berer. Ol bu baýragy diňe maňa däl, eýsem Özüne intizarlyk bilen garaşýanlaryň her birine berer. Üstesine-de, Hudaýyň size Öz perzentleri hökmünde aýdan bu öwüt-nesihatyny-da unutdyňyz: «Oglum, Rebbiň terbiýesine biperwaý bolma, Onuň käýinjine ruhdan düşme. Gulak asyň, eý, söýgüli doganlarym! Hudaý bu dünýäde garyplary imana baý bolmaklary üçin saýlamadymy? Hudaý Özüni söýýänlere wada berşi ýaly, garyplary Şalygyny miras almaklary üçin saýlamadymy näme? Şeýle etseňiz, Baş Çopan aýan bolanda, solmaz şöhrat täjini alarsyňyz. Görjek görgüleriňden gorkma! Ine, synamak üçin, iblis siziň käbirleriňizi tussag etdirer. Siz on günläp muşakgat çekersiňiz. Ölüm howpy üstüňe abananda-da, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin.
Ýakubyň haty
1 2 3 4 5
Выбор основного перевода