Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10
Параллельные места
Mundan başga-da, ähli adamlaryň içinden başarjaňlaryny, ýagny Hudaýdan gorkýan, dogruçyl we parany ýigrenýän adamlary saýla. Olary müň adamyň, ýüz adamyň, elli adamyň we on adamyň üstünden baştutan goý. Goý, hemişe olar adamlara kazylyk etsinler. Uly dawalary saňa aýtsynlar, emma kiçi dawalary özleri çözsünler. Şonda seniň üçin aňsadrak bolup, agyr ýüküň ýeňlär. Hudaýyňyz Rebbiň özüňize berjek galalarynda tireleriňiziň arasyndan kazylar we baştutanlar belläň. Olar halkyň hal-ýagdaýyny adalatly çözsünler. Ezra Rebbiň kanunyny öwrenip, ony berjaý etmegi, Ysraýylda onuň parzlaryny, hökümlerini öwretmegi ýüregine düwüpdi. Işe giriş, bu seniň borjuňdyr, biz hem seniň bilendiris. Mert bol-da, bu işi amala aşyr» diýdi. Onsoň Ezra ýerinden turup, ruhanylara, lewilere we bütin ysraýyl halkyna, olaryň şu aýdylany berjaý etjekdiklerine ant içirdi. Şeýdip, olaryň hemmesi ant içdiler.
Выбор основного перевода