Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10
Параллельные места
Kureş patyşanyň özi Nebukadnesaryň Iýerusalimdäki Rebbiň ybadathanasyndan äkidip, öz hudaýlarynyň buthanasynda goýan gap--gaçlaryny çykaryp getirdi. Kureş patyşa bu zatlary hazynaçy Mitredata çykartdy we ol ähli gap-gaçlary sanap, olary Ýahudanyň häkimi Şeşbasara gowşurdy. Ol zatlar şulardan ybaratdy: otuz altyn okara, müň kümüş okara, ýigrimi dokuz kümüş jam, otuz altyn şakäse, dört ýüz on başga hili kümüş şakäse we müň beýleki gap-gaçlar. Onsoň Şeşbasar gelip, Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüniň düýbüni tutdy. Ol şondan bäri gurlup ýör we henizem tamamlananok“. Şeýle hem Nebukadnesar tarapyndan Hudaýyň Iýerusalimdäki öýünden alnyp, Babyla getirilen altyndyr kümüş gaplar yzyna eltilip, ýene-de ybadathanada ýerli-ýerinde goýulsyn. Siz olary Hudaýyň öýünde goýmalysyňyz“». Belşasar şerapdan keýplenip, atasy Nebukadnesaryň Iýerusalimdäki ybadathanadan alyp gaýdan altyn we kümüş gap-gaçlaryny getirmekligi buýurdy. Patyşa, onuň töreleri, aýallary we gyrnaklary şeraby şolara guýup içmekçidiler.
Выбор основного перевода