Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10
Параллельные места
Hudaýyňyz Reb olary siziň eliňize berende, siz olary dargadyp, bütinleý ýok edip taşlamalysyňyz. Olar bilen äht baglaşmaň we olara rehimdarlyk etmäň. Olar bilen garyndaşlyk açmaň. Olar bilen gyz alşyp-berişmäň. Ýoşyýa patyşa öz ýerinde durup, Rebbiň tabşyryklaryny, permanlaryny, parzlaryny bütin kalby bilen, bütin jany-teni bilen berjaý edip, Rebbiň yzyna eýerjekdigine hem-de şu kitapda ýazylan äht barada aýdylan sözleri berjaý etjekdigi hakda Rebbiň huzurynda Onuň bilen äht edişdi. Sürgünden gaýdyp gelenleriň bu eden hyýanaty sebäpli, Ysraýyl Hudaýynyň aýdan sözlerinden gorkup sandyraşýanlaryň bary meniň daşyma üýşdüler. Men agşam gurbanlygyna çenli gaýgy-gama batyp oturdym. Bularyň hemmesi keseki milletlerden aýal alypdylar. Käbirleriniň olardan çagalary-da bardy. Ysraýyl Hudaýy Reb: «Men aýrylyşmagy ýigrenýärin. Men aýrylyşan adamyň başyna zulum salaryn, muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn. Şonuň üçin siz seresap boluň, dönüklik etmäň» diýýär.
Выбор основного перевода