Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10
Параллельные места
Dawut aglap-eňräp Zeýtun dagyna çykdy. Başynda örtügi bardy, aýaklary ýalaňaçdy. Onuň ýanyndakylaryň-da ählisiniň başlary örtülgidi, gidip baryşlaryna olaram aglaýardylar. Ýowap patyşanyň öýüne gelip, oňa şeýle diýdi: «Sen bu gün özüňiň, ogul-gyzlaryňyň, aýallaryňdyr gyrnaklaryňyň janyny halas eden esgerleriňiň ýüzüni ýere saldyň. Baş ruhany Azarýa bilen beýleki ruhanylaryň hemmesi Uzyýa seredenlerinde, onuň maňlaýyndaky deri keselini gördüler. Olar ony ol ýerden tiz çykardylar. Uzyýanyň özi hem ol ýerden dessine çykmak bilen boldy, çünki Reb ony şeýle heläkläpdi. Patyşa köşk bagyndan meýlishana dolanyp gelende, Haman Esteriň ýaplanyp oturan çarpaýasyna özüni oklapdy. Patyşa: «Ol hut meniň öýümde, meniň gözümiň alnynda şa aýalyny zorlajak bolýarmy?» diýdi. Bu söz patyşanyň agzyndan çykan badyna, patyşanyň agtalary Hamanyň ýüzüni bürediler.
Выбор основного перевода