Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10
Параллельные места
Mordekaý kakasynyň doganynyň gyzy Hadassany, ýagny Esteri özi terbiýeläp kemala getiripdi, çünki ol gyzyň ejesi-de, kakasy-da ýokdy. Ol syratly, görmegeý boý gyzdy. Onuň ejesi, kakasy ölenden soň, Mordekaý ony özüne gyzlyga alypdy. Şu wakalardan soň Kserks patyşa agak tiresinden bolan Hammedatanyň ogly Hamanyň wezipesini beýgeldip, ony öz ýanyndaky emeldarlaryň ählisinden ýokarda goýdy. Şol gün üçin taýyn bolar ýaly, bu permanyň nusgasy her bir welaýatda perman hökmünde çykarylyp, bütin halka yglan edilmelidi. Çaparlar patyşanyň buýrugy bilen gyssagly ýola düşdüler. Perman Suza galasynda çykaryldy. Patyşa bilen Haman içmäge oturdylar. Suzada welin aljyraňňylykdy. Esteriň kenizleri we agtalary gelip, muny oňa habar berenlerinde, şa aýaly uly gaýga batdy. Ol Mordekaýa juluň deregine geýer ýaly eginbaş iberdi, emma ol olary kabul etmedi.
Выбор основного перевода