Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Näme üçin dünýä inäýemde ölmändirin? Göwreden çykan dessime jan bermändirin? Etege salynmasam boljak eken! Emdirilmänler geçsem boljak eken! Onda men häzir rahatlykda ýatardym, dynçlykda bolardym. Haraba öwrülen binalary guran dünýäniň şalary, geňeşçileri bilen, öýlerini kümüşden dolduran, altyn toplan han-begler bilen dynçlykda bolardym. Näme üçin öli doglan çaga dek, ýagta gözi düşmedik çaga dek ýere gömülmändirin men?! Ol ýerde ýamanlar ýamanlykdan el çekýärler, ýadawlar-da dynç alýarlar. Ol ýerde ýesirler asudalykdadyr, olar gözegçileriniň seslerinden dynçdyr. Baý-da, garyp-da bardyr ol ýerde, gullar-da hojaýynlaryndan azatdyr. Näme üçin jebir-jepa çekýäne nur, kalby hasratla-da ömür berilýär? Ajaly arzuw edýärler, ajal gelmeýär, ony gizlenen hazynadan köp agtarýarlar. Gabra gowşanlarynda, şatlanýarlar, joşup, şowhun edýärler. Näme üçin ýoluny görüp bilmeýäne, Hudaýyň tümlüge gaplanyna ömür berilýär? Çörege derek ahy-zar ýuwudýan, ahy-nalalarym edil suw kimin dökülýär. Hakykatdanam, gorkym başyma gelýär, heder edenim-de üstümden inýär. Mende ne rahatlyk bar, ne asudalyk, ne-de dynçlyk bar, diňe tükeniksiz muşakgat gelýär». Şonuň üçin durmuşy ýigrendim, çünki Günüň astynda edilýän işler maňa hasrat getirdi. Bary biderek, salgyma çapmak. Meniň doglan günüme nälet bolsun! Enemiň meni dogran gününe alkyş bolmasyn! «Ogluň boldy!» diýip, kakamy begendiren buşlukça nälet bolsun! Goý, ol adam Rebbiň gaýgyrman ýumran şäherleri kimin bolsun! Säher dady-perýat, günortan ahy-nala eşidilsin! Çünki ol adam ýatgydakam öldürmedi, ýogsam enem meniň mazarym bolardy, onuň ýatgysy ebedilik göwreli bolardy. Men näme üçin eneden doguldymkam? Gaýgy-hasrat çekip, ömrümi ryswalykda geçirmek üçinmi?
Выбор основного перевода