Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Müsürden bürünçden ýasalan zatlar, goý, getirilsin, Hudaýa sowgat getirmek üçin Efiop ýurdy, goý, alňasasyn. Goý, Rebbe bil baglaýan keseki: «Reb meni Öz halkyndan aýrar» diýmesin, Agta: «Ine, men bir gury agaçdyryn» diýmesin. Reb şeýle diýýär: «Sabat günlerimi amal edýän, Maňa ýaraýan zatlary saýlaýan, ähtimi berk saklaýan agtalara öýümde, diwarlarymyň içinde ogul-gyzlaryňkydan-da zyýada hatyra hem at bererin; olara ölmez-ýitmez ebedi at bererin. Rebbe hyzmat etmek üçin, Rebbiň adyny söýmek üçin, Onuň bendesi bolmak üçin Rebbe bil baglaýan kesekileri, Sabat kanunymy harlaman ýerine ýetirýänleri, ähtimi berk saklaýanlary, mukaddes dagyma getirerin, ybadat öýümde şatlandyraryn olary; ýakma gurbanlyklary, başga gurbanlyklary gurbanlyk sypamda kabul ediler; çünki Meniň öýüm ähli milletler üçin ybadat öýi diýip atlandyrylar». Patyşanyň efiopiýaly köşk emeldary Ebetmelek Ýermeýanyň guýa taşlananyny eşitdi. Şol wagt patyşa Benýamin derwezesinde otyrdy. Dagynyk bolup, Maňa sygynan halkym Efiopiýa derýasynyň aňry tarapyndan Maňa sadaka getirer. Baýramçylykda ybadat etmäge Iýerusalime gelenleriň arasynda birnäçe grekler-de bardy. Şonuň üçin indi şuny bilip goýuň: Hudaýyň halas bolmak baradaky Hoş Habary ýahudy dällere iberildi. Olar gulak asarlar».
Выбор основного перевода