Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ölümden soň direlişiň ýokdugyny aýdýan saddukeýler Isanyň ýanyna gelip, Oňa şeýle sorag berdiler: Ölümden soň direlişiň ýokdugyny aýdýan saddukeýler Isanyň ýanyna gelip, Oňa şeýle sorag berdiler: Ölümden soň direlişiň ýokdugyny aýdýan saddukeýleriň käbiri Isanyň ýanyna gelip, Oňa şeýle sorag berdi: (Saddukeýler direliş-de, perişde-de, ruh-da ýok diýýärdiler, fariseýler bolsa bularyň hemmesine ynanýardylar.) Ýahýa fariseýleriň we saddukeýleriň ençemesiniň çümdürilmek üçin öz ýanyna gelýändiklerini görende, olara şeýle diýdi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçyp gutulyp bileris öýdýäňizmi? Ýudas ýolbaşçy ruhanylar bilen serkerdeleriň ýanyna baryp, Isany nädip olaryň eline salyp berjekdigi barada maslahatlaşdy. Onsoň Isa Özüni ele salmaga gelen ýolbaşçy ruhanylara, ybadathananyň goragçylaryna, ýaşululara ýüzlenip: «Näme üçin bir gozgalaňçynyň garşysyna çykan ýaly, Meni tutmak üçin gylyçly hem taýakly gelipsiňiz? Ybadathana goragçylarynyň baştutany, ýolbaşçy ruhanylar bu sözleri eşidenlerinde: «Bu näme boldugyka?» diýşip, aljyraňňylyga düşdüler. Şeýdip, olar halky, ýaşululary we Töwrat mugallymlary öjükdirdiler. Stefany tutup, ýokary mejlise alyp geldiler.
Выбор основного перевода