Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Resullaryň Işleri
Параллельные места
Rebbe umyt bagla; mert bol, goý, güýçlensin seniň ýüregiň; Rebbe umyt bagla. Ilki bilen, Isa Mesih arkaly ähliňiz üçin Hudaýyma şükürler edýärin, sebäbi imanyňyz baradaky habar bütin dünýä ýaýrady. Men Hudaýyň Ogly baradaky Hoş Habary ýaýradyp, Hudaýa jan-tenden hyzmat edýärin, siziň üçin gije-gündiz dileg edýärin. Muňa Hudaýyň hut Özi şaýatdyr. Hudaýyň islegine görä siziň ýanyňyza tizara baryp biler ýaly, Ondan bir ýol açmagyny hemişe soraýaryn. Sizi örän göresim gelýär, imanyňyzy berkitjek ruhy peşgeşleri siziň bilen paýlaşasym gelýär. Men imanymyz arkaly biri-birimizi ruhlandyrmagymyzy isleýärin.
Resullaryň Işleri
Выбор основного перевода