Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Biz häzir size Hoş Habary yglan edýäris: Hudaý Isany ölümden direldip, Öz perzentleri bolan biziň üçin ata-babalarymyza beren wadasyny berjaý etdi. Bu hakda ikinji mezmurda şeýle ýazylan: „Sen Meniň Oglumsyň, bu gün Men saňa Ata boldum“. Pawlus olaryň bir böleginiň saddukeýler, beýleki böleginiň-de fariseýlerdigini bilip: «Eý, doganlar, men fariseý, fariseýiň ogludyryn. Men ölüleriň direlýändigine umyt baglaýandygym üçin höküm edilýärin!» diýip, mejlisde batly gygyrdy. Çünki Isa Mesih Hudaýyň sadyklygyny aýan edip, ata-babalara berlen wadanyň berjaý bolmagy üçin ýahudylaryň hyzmatkäri boldy. Biz bu ýörelgä eýerip, ajaýyp umydymyz bolan beýik Hudaýymyz we Halasgärimiz Isa Mesihiň şan-şöhrat içinde göklerden inmegine garaşýarys.
Выбор основного перевода