Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Men ýahudydyryn. Kilikiýanyň Tarsus şäherinde doguldym, emma şu şäherde ulaldym. Bu ýerde Gamaliýeliň şägirdi bolup, ata-babalarymyzyň kanunynyň berk adatlaryna görä tälim aldym. Bu günki siziň bolşuňyz ýaly, menem Hudaýa juda yhlaslydym. Baş ruhany Hanany Pawlusyň ýanynda duranlara onuň agzyna urmagy buýurdy. Bu adama kast ediljek bolýandygy baradaky habary alanymda bolsa, ony şobada seniň ýanyňa ibermegi karar etdim. Ony aýyplaýanlara-da öz şikaýatlaryny saňa mälim etmeklerini buýurdym». «Seni aýyplaýjylar gelensoň diňlärin» diýdi. Soňra Pawlusyň Hirodyň köşgünde gözegçilik astynda saklanmalydygy barada buýruk berdi. Ol ýerde ýolbaşçy ruhanylar bilen ýahudy baştutanlary Festusa Pawlusyň üstünden şikaýat etdiler.
Выбор основного перевода