Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men köp gözýaş döküp, pespällik bilen Rebbe hyzmat etdim. Ýahudylaryň garşyma guran dildüwşüklerine we synaglaryna duçar boldum. Ertesi gün ýahudylar biri-birleri bilen dil birikdirip, Pawlusy öldürýänçäler, iýip-içmezlige kasam etdiler. Festusdan özlerine bir ýagşylyk etmegini sorap, Pawlusy Iýerusalime getirmegi üçin ýalbardylar. Aslynda olar buky gurup, ýolda Pawlusy öldürmegiň niýetindediler. Men elmydama ýolda bolmak bilen, derýalarda howp-hatarlara uçradym; garakçylardan, öz ilimden, başga milletlerden ýaňa howp astynda gezdim. Şäherde, çölde, deňizde, dogansumaklaryň arasynda howp-hatarlara uçradym.
Выбор основного перевода