Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olaryň hemmesi Mukaddes Ruhdan doldular we Mukaddes Ruhuň beren ukybyna görä, başga dillerde gepläp başladylar. Olardan: «Iman edeniňizde Mukaddes Ruhy kabul etdiňizmi?» diýip sorady. Olar hem oňa: «Biziň Mukaddes Ruhuň bardygyndan hatda habarymyzam ýok» diýdiler. Olardan: «Onda nämä esaslanyp çümdürildiňiz?» diýip sorady. Olar: «Ýahýanyň çümdürmesine esaslanyp çümdürildik» diýip jogap berdiler. Pawlus: «Ýahýa toba edenleri çümdürýärdi. Ol halky özünden soňra Gelene, ýagny Isa iman etmäge çagyrdy» diýdi. Olar muny eşidip, Reb Isanyň yzyna eýerijiler hökmünde suwa çümdürildiler. Pawlus olaryň üstlerine elini goýan badyna, olara Mukaddes Ruh indi. Olar nämälim dillerde gepläp, pygamberlik etmäge başladylar. Yhlasyňyz gowşamasyn, Mukaddes Ruhuň berýän hyjuwy bilen Rebbe hyzmat ediň. „Seniň ähli edenleriňi bilýärin, seniň ne sowuk, ne-de gyzgyndygyňy bilýärin. Wah, käşgä sowuk ýa gyzgyn bolsadyň!
Выбор основного перевода