Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol siziň topragyňyza güýz hem ýaz ýagyşlaryny öz wagtynda ýagdyrar. Siz dänäňizi, şerabyňyzy we ýagyňyzy ýygnarsyňyz. Ýer ýüzüne ýagyş ýagdyryp, meýdanlary suwarýan-da Oldur. Sen ýeriň aladasyny edýärsiň – ony suwarýarsyň, bolelin kuwwat berýärsiň; bol suwly derýalar arkaly halkyň gallasyny üpjün edýärsiň; sebäbi Sen ony şeýle gurnadyň. Sen onuň keşlerini suwdan gandyrýarsyň, onuň keş tümmeklerini tekizleýärsiň, ýagyş damjalary bilen ony ýumşadýarsyň, onuň hasylyny bereketleýärsiň. Ol gökleri bulutlara büreýär, toprak üçin ýagyşlary taýynlap goýýar, baýyrlarda gök otlary gögerdýär. Olar muny ýürekden diýmeýärler: «Geliň, güýz hem ýaz ýagyşlaryny öz möwsüminde ýagdyrýan, biz üçin orak-ýygym hepdelerini saklaýan Hudaýymyz Rebden gorkalyň». Ol bulary Özüni agtarsynlar, gözläp tapsynlar diýip etdi. Hakykatdanam, Hudaý biziň hiç birimizden uzakda däldir. Hudaýyň göze görünmeýän häsiýetleri: ebedi gudraty we hak Hudaýdygy dünýä ýaradylaly bäri Onuň ýaradan zatlaryndan mese-mälim görünýändir. Şoňa görä-de, adamlaryň: «Hudaý hakda bilmeýäris» diýmäge hiç tutarygy ýokdur.
Выбор основного перевода