Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Meniň huzurymdaky çörekler salnan sebetden bir petir, ýaga ýugrulan bir külçe we bir sany hem ýüzüne ýag çalnan ýuka petir al. Olaryň hemmesini Harunyň we onuň ogullarynyň aýasyna ýerleşdir. Meniň huzurymda olary göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyr. Onsoň Musa Haruna we onuň ogullaryna şeýle diýdi: «Eti Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzynda bişiriň-de, ony şol ýerde belleme sadakalary üçin niýetlenen sebetdäki çörek bilen iýiň. Hudaý maňa: „Muny Harun we onuň ogullary iýsin“ diýdi.
Выбор основного перевода