Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ruhany onuň endamyndaky deri keselini barlasyn. Eger deriniň keselli ýeriniň gyllary agaryp, ol deriden aşak geçen bolsa, onda bu deri keselidir. Ruhany deri kesellini gözden geçirenden soň, ony haram diýip yglan etsin. Ýokançly deri keseli bolan adam sal-sal eginbaş geýip, saçyny daramasyn we eli bilen agzyny tutup: „Men – haram, men – haram“ diýip gygyrsyn. Ýokançly deri keseli aýrylyp gidýänçä, ol haramdyr. Ol ýeke ýaşamalydyr we düşelgäniň daşynda bolmalydyr». «Ysraýyl halkyna şeýle diý: „Bir erkegiň jyns agzalaryndan suwuklyk akýan bolsa, onda ol adam haramdyr. Ogrulyk, hilegärlik etmäň, bir-biriňizi aldamaň. Reb Musa şeýle diýdi: «Ruhanylar, ýagny Harun ogullary bilen gepleşip, olara şeýle diý: „Olaryň hiç biri öz garyndaşlaryndan bolan merhuma galtaşyp, özlerini haram etmesin. Bulut çadyryň depesinden syrylanda, Merýem deri keseline uçrap, ak gar ýaly pis açdy. Harun Merýeme tarap seredip, onuň deri keseline uçrandygyny gördi. Emma Reb Musa: «Eger atasy onuň ýüzüne tüýküren bolsady, ol ýedi günläp utançly halda bolmazmydy? Goý, ol ýedi günläp düşelgäniň daşynda bolsun. Ol soňra ýene düşelgä girip biler» diýip jogap berdi. Jesede degen kişi ýedi günläp haramdyr. Jesede galtaşandan soň, özüni tämizlemedik adam Rebbiň mukaddes çadyryny haram eder. Beýle adam Ysraýyldan kowlup çykarylsyn. Onuň üstüne tämizlik suwy sepilmändir, şonuň üçin ol haramlygyna galypdyr, onuň haramlygy entegem onuň boýnundadyr. Onsoň Hagaý: «Eger ölä galtaşyp, haram bolan adam bu zatlardan birine elini degirse, şol zat murdar bolarmy?» diýip sorady. Ruhanylar muňa: «Hawa, ol murdar bolar» diýip jogap gaýtardylar.
Выбор основного перевода