Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýurdy bije boýunça tireler arasynda paýlaşsynlar. Her kim öz tiresiniň paýyna görä eýelemelidir. Onsoň Selophadyň gyzlary öňe çykdylar. Selophat Heperiň ogly, Gilgadyň agtygy, Makyryň çowlugy, Ýusubyň ogly Manaşanyň ýuwlugydy. Ol Manaşanyň urugyndandy. Onuň gyzlarynyň atlary Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsady. Ýurdy bije boýunça tireler arasynda paýlaşsynlar. Uly tirä uly mülk, kiçi tirä-de kiçi mülk berilsin. Kimiň bijesi çyksa, mülk hem şonuňky bolar. Mülk tirelere görä paýlansyn. Manaşanyň ýuwlugy, Makyryň çowlugy, Gilgadyň agtygy, Heperiň ogly Selophadyň ogul perzendi ýokdy. Onuň diňe bäş gyzy bolup, olaryň atlary şulardyr: Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsa. Olar Elgazar ruhanynyň, Nunuň ogly Ýeşuwanyň we ýolbaşçylaryň ýanyna gelip, olara: «Reb Musa agalarymyzyň uruglary bilen birlikde bize hem mülk ýer bermegi buýrupdy» diýdiler. Ýeşuwa Rebbiň buýrugyna görä, olara hem bäş agasynyň uruglarynyň arasynda mülk berdi.
Выбор основного перевода