Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şol gije Men Müsüriň içine aýlanyp, müsürlileriň ähli nowbahar ogullaryny, adamlaryndan tä mallaryna çenli ilkinji doglan erkeklerini öldürerin. Men Müsüriň ähli hudaýlarynyň üstünden höküm çykararyn. Men Rebdirin. Bu gün siz üçin ýatlama güni bolar. Siz muny Meniň şanyma baýram edip bellärsiňiz. Soň siz bu baýramy nesilme--nesil ebedilik düzgün edip saklarsyňyz. Adam öldüreniň özi-de ölüme höküm edilsin. Emma bir adamyň başga biri bilen duşmançylygy bolup, bukuda ýatyp, onuň üstüne çozup, ony öldürse, soňra-da ol bu galalaryň birine gaçyp barsa, ganhoryň galasyndaky ýaşulular adam iberip, günäkäri ol ýerden getirtmeli. Ony öldürmek üçin öldürileniň hossarynyň eline beriň.
Выбор основного перевода