Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Kimdir biri ýamanlyk ýa-da ýagşylyk etmek üçin, soňuny saýman tötänden ant içse, onda ol muny aňan badyna, nähili ant içilendigine garamazdan, ýazykly saýylsyn. «Ysraýyl halkyna aýt: „Eger kimdir biri Rebbe berlen wadany berjaý etmek üçin Rebbe bagyş edilen bolsa, ol adam şu möçberdäki bahalar bilen azat edilip bilner. Hudaýyňyz Rebbe sadaka aýdan bolsaňyz, ony gijikdirmän beriň, çünki Hudaýyňyz Reb aýdan sadakaňyzy sizden hökman talap eder. Eger siz ony ýerine ýetirmeseňiz, günä gazanarsyňyz. Ýeftah Rebbiň öňünde ant içip, şeýle diýdi: «Eger Sen ammonlylary meniň elime berseň, Ol gyzyny görende, ýakasyny ýyrtyp: «Wah, gyzym, sen meniň bagtymy garaltdyň! Indi sen hem meni ynjalykdan gaçyrdyň! Çünki men Rebbiň öňünde öz agzym bilen kasam etdim, indi nädip ondan boýun gaçyraýyn» diýdi. Men ýakma gurbanlyklar bilen öýüňe baryp, Saňa eden kasamlarymy berjaý ederin. Kynçylyga duçar bolamda, bu wadalary dilim sözläp, agzym kasam edipdi. Siz ýene gadymkylara: „Ýalandan ant içme, emma Rebbiň öňünde içen antlaryňy berjaý et“ diýlenini hem eşidensiňiz. Şonda Hirod gyza ant içip, dilän zadyny berjekdigine söz berdi. Han gamgyn boldy, emma myhmanlaryň ýanynda ant içensoň, Ýahýanyň başynyň oňa getirilip berilmegini buýurdy.
Выбор основного перевода