Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sadaka berilýän mallaryň sanyna görä onuň ýany bilen berilýän sadakanyň hem mukdary artdyrylsyn. Her tokly bilen bile içgi sadakasy hökmünde Rebbe bir küýze şeraby hödür edip, ony mukaddes ýerde guýsunlar. Her öküz üçin içgi sadakasy hökmünde iki küýze şeraby, goç üçin bir ýarym küýze şeraby, her tokly üçin bolsa, bir küýze şeraby hödür etsinler. Ýyl boýy her täze Aýda berilmeli ýakma gurbanlygy şudur. Olaryň ýany bilen berilýän galla sadakasy zeýtun ýagy garylan saýlama bugdaý unundan bolup, öküz üçin bir batmanyň ondan üç, goç üçin bir batmanyň ondan iki, her tokly üçin hem bir batmanyň ondan bir möçberindäki undan berilsin. Olaryň ýany bilen hödür edilýän galla sadakasy zeýtun ýagy garylan saýlama bugdaý unundan bolup, öküz üçin bir batmanyň ondan üç, goç üçin bir batmanyň ondan iki, ýedi toklynyň her biri üçin hem bir batmanyň ondan bir möçberindäki undan berilsin.
Выбор основного перевода