Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Meýdanda çeken zähmetiňiziň ilkinji hasylyndan Galla baýramyny belläň. Meýdandaky miweleriňizi ýygyp bolup, ýylyň ahyrynda bolsa hasyl toý beriň. Bugdaýyň ilkinji hasylyndan Galla baýramyny belläň. Ýylyň ahyrynda hasyl toý beriň. «Ysraýyl halkyna aýt: „Size berjek ýurduma baryp, onuň hasylyny ýygnan mahalyňyz, ilkinji hasyl desselerini ruhana getirip beriň. Sabat gününiň ertesi siz Rebbe göterme sadakasy hökmünde hödür eden dessäňizi getiren günüňizden sanap, doly ýedi hepdäni geçiriň. Soňra Hudaýyňyz Reb üçin Galla baýramyny belläň. Hudaýyňyz Rebbiň özüňize beren berekedine görä meýletin sadakaňyzy getiriň.
Выбор основного перевода