Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaý olary Müsürden ýabany öküziň güýji deý güýç bilen çykarýar. Olar duşman milletlerini iýip, süňklerini çeýnärler, peýkam bilen ýaralarlar. Ol ilkinji doglan öküz ýaly haýbatlydyr, ýabany öküziňki kimindir onuň şahlary. Bir şahy Efraýymyň on müňüsidir, beýlekisi Manaşanyň müňüsidir. Ol halklary şahlary bilen süser, ýeriň ol ujuna çenli olary kowar». Ýer sürdürmek üçin ýabany öküze boýuntyryk salyp bilermiň? Ýa-da ol seniň yzyňdan ýerlere mala basarmyka? Onuň beýik güýjüne bil baglap bilermikäň? Agyr işiňi oňa tabşyryp bilermikäň? Meni ýabany öküzden Sen halas etdiň, gutar meni arslanlaryň agzyndan. Sen meni ýabany öküz dek kuwwatly etdiň, başyma täze ýag guýup, meni saýladyň.
Выбор основного перевода