Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Jesede galtaşandan soň, özüni tämizlemedik adam Rebbiň mukaddes çadyryny haram eder. Beýle adam Ysraýyldan kowlup çykarylsyn. Onuň üstüne tämizlik suwy sepilmändir, şonuň üçin ol haramlygyna galypdyr, onuň haramlygy entegem onuň boýnundadyr. Emma haram bolubam özüni tämizlemeýänler jemagatyň arasyndan kowlup çykarylsyn. Çünki olar Rebbiň mukaddes öýüni haram edendirler. Olaryň üstüne tämizlik suwunyň sepilmändigi üçin, olar haramdyrlar. Bu olar üçin ebedilik düzgün bolsun. Tämizlik suwuny sepýän adam geýimlerini ýuwsun. Tämizlik suwuny ellän adam agşama çenli haramdyr. Öňler erkeçleriň we öküzleriň ganyny hem-de ýakylan göläniň külüni murdar adamlaryň üstüne sepip, olary tämizlärdiler.
Выбор основного перевода