Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol adam: «Kim seni biziň üstümizden hökümdar ýa kazy edip goýdy? Düýnki müsürlini öldürişiň ýaly, meni hem öldürmekçimiň?» diýdi. Mundan soň Musa gorkdy we ol: «Meniň eden işim eýýäm aýan bolupdyr» diýip pikir etdi. Ysraýyllaryň arasyndaky gelmişeklerden ýygnananlaryň açgözlügi artdy. Hatda ysraýyllar hem sojaşyp, şeýle eňreýärdiler: «Wah, indi et iýmäge-de zar bolduk. Müsürde mugtja iýýän balyklarymyz, hyýarlarymyz, gawunlarymyz, soganlarymyz, düýp soganlarymyz, sarymsaklarymyz ýat boldy-la. Mannadan başga görýän zadymyz bolmansoň, ysgyn-mydarymyz galmady». Emma öz ildeşine azar berýän adam ony itekläp: „Kim seni bize hökümdar ýa-da kazy edip goýdy? Ine, bu Musa: „Kim seni bize hökümdar ýa-da kazy edip goýdy?“ diýip, halkyň inkär eden Musasydy. Hudaýyň Özi ony çalyda görnen perişdäniň üsti bilen hökümdar hem halasgär edip ýollady.
Выбор основного перевода