Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetiriň, sebäbi bu gün siziň üçin aýratyndyr. Kimde-kim ony harlasa, ölüme höküm ediler. Şol gün iş eden adam öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylar. Alty günüň dowamynda işleriňizi edip boluň, emma ýedinji gün dynç alyň. Çünki ol Rebbe bagyş edilendir. Sabat güni iş eden adam ölüme höküm ediler. «Hudaýa dil ýetireni düşelgäniň daşyna çykar, ony eşidenleriň bary ellerini onuň kellesine goýsunlar we bütin halk ony daşlasyn. Ýeşuwa Akana: «Biziň başymyza nähili bela getiren bolsaň, indi Reb şol bela-beteri seniň öz başyňdan inderer» diýdi. Soňra ähli ysraýyllar ony maşgalasy bilen bile daşlap öldürdiler we olary oda ýakdylar. Ony şäherden daşary çykaryp daşladylar. Stefana garşy şaýatlar donlaryny çykaryp, Şawul atly bir ýigidiň aýagynyň astynda goýdular.
Выбор основного перевода