Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma ol ýerde ýaşaýan halk biçak güýçli eken. Olaryň galalary berk diwarly we örän uly. Hatda ol ýerde biz Anagyň nesillerini-de gördük. Biz ol ýerde nefilleri (anaklar nefilleriň nesilleridir) gördük. Olaryň ýanynda özümizi edil çekirtge ýaly duýduk. Olara-da biz çekirtge ýalyjak bolup göründik». Hebronyň öňki ady Kirýatarba eken. Arba anaklaryň arasynda iň beýik adam eken. Şunlukda, ýer uruşdan dynyp rahatlandy. Rebbiň buýruşy ýaly, Ýeşuwa ýahuda tiresiniň mülk ýerindäki Kirýatarbany, ýagny Hebrony Ýepunnäniň ogly Kalebe berdi. Bu ýer Anagyň atasynyň hatyrasyna Kirýatarba diýip atlandyrylypdy. Kalep ol ýerden anaklaryň üç urugyny: Şeşaýy, Ahymany we Talmaýy çykaryp kowdy. Bular Anagyň nesilleridir. Ol Müsür ýurdunda, Zogan düzünde, atalarynyň öňünde gudratly işleri etdi.
Выбор основного перевода