Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şu golaýda kiçijik bir gala bar. Ol kiçi ahyryn. Özümi şol ýere atmaga maňa ygtyýar etseň, men ölümden halas bolaryn». Hudaý Raheli ýatdan çykarmandy. Ol Raheliň dilegini eşidip, onuň ýatgysyny açdy. Hudaý olaryň nalyşyny eşitdi we Ol Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen eden ähtini ýadyna saldy. Soňra Musa elindäki hasasyny deňze ýetirdi. Reb bolsa şol bütin gije güýçli gündogar ýeli bilen deňziň suwuny kowdy. Deňiz gury ýere öwrülip, suw ikä bölündi. Ertesi irden turup, olar Rebbe sežde etdiler, soňra yzlaryna gaýtdylar we Ramadaky öz öýlerine dolanyp geldiler. Elkana öz aýaly Hanna ýanaşdy; Reb onuň dilegini kabul etdi. Hudaý suwlary togtatsa, bar zat guraýar, iberse-de, dünýäni sil alýar. Reb siliň ýokarsynda tagt gurup oturýar. Reb Şa hökmünde baky oturýar. Suwlar Seniň käýinjiňden yza çekilýär, gürrüldiňiň sesini eşidip, gaçýar. çuňluga: „Gura, derýalaryňy guradaryn“ diýýän, Ol buýrugy bilen deňizleri guradýar, bütin derýalary takyradýar, Başan we Karmel daglary solýar, Liwanyň gülleri solýar.
Выбор основного перевода