Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Nuhuň maşgalasynyň kyssasy şeýledir. Nuh öz döwürdeşleriniň arasynda dogruçyl hem takwa adamdy. Ol Hudaýyň huzurynda gezdi. Nuhuň gämä münen gününe çenli, silden öňki günlerde adamlar iýip-içýärdiler, öýlenip, durmuşa çykýardylar. Äpet sil gelip, hemmesini süpürip äkidýänçä, olar öz başlaryndan injek zatlardan asla bihabardylar. Ynsan Oglunyň gelşi hem şeýle bolar. Nuhuň günlerinde nähili bolan bolsa, Ynsan Oglunyň günlerinde-de şeýle bolar. Adamlar Nuhuň gämä münen gününe çenli iýip-içip, öýlenip, durmuşa çykyp, arkaýyn ýaşap ýördüler. Soňra äpet sil gelip, baryny ýok etdi. Nuh içersindäkileriň halas bolmagy üçin iman arkaly bir gämi ýasady. Ol heniz bolmadyk wakalar hakda Hudaýdan duýduryş alanda, Ondan gorkup, Oňa gulak asdy. Şeýlelikde, bütin dünýä jeza sezewar boldy, Nuh bolsa imany arkaly aklandy. Bu ruhlar gadym zamanda Nuhuň gämisi ýasalyp ýörkä, Hudaý heniz sabyr-takatlyk edip garaşýarka, Oňa tabyn bolmadylar. Şol gämide bolsa az adam, jemi sekiz adam suw arkaly halas boldy.
Выбор основного перевода