Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onsoň Hudaý: «Indi Öz keşbimizde, Özümize meňzeş ynsany ýaradalyň. Goý, olar balyklaryň, guşlaryň, mallaryň, bütin ýer ýüzündäki haýwanlaryň we ähli süýrenijileriň üstünden höküm sürsünler!» diýdi. Şeýdip, Hudaý Öz keşbinde ynsany ýaratdy, hawa, Hudaý ony Öz keşbinde ýaratdy, olary erkek we aýal edip ýaratdy. Adamdan Şis, Şisden Enoş, Enoşdan Keýnan, Isa Öz hyzmatyna başlan wagty otuz ýaşlaryndady. Ol Ýusubyň ogly hasaplanýardy. Ýusup Eliýiň ogly, Eliý Mattadyň, Mattat Lewiniň, Lewi Melkiniň, Melki Ýannaýyň, Ýannaý Ýusubyň, Ýusup Mattatýanyň, Mattatýa Amosyň, Amos Nahumyň, Nahum Esliniň, Esli Nagaýyň, Nagaý Mahadyň, Mahat Mattatýanyň, Mattatýa Şimiýiň, Şimiý Ýosehiň, Ýoseh Ýodanyň, Ýoda Ýohananyň, Ýohanan Resanyň, Resa Zerubabylyň, Zerubabyl Şeýaltyýeliň, Şeýaltyýel Neriniň, Neri Melkiniň, Melki Addynyň, Addy Kosamyň, Kosam Elmadamyň, Elmadam Eriň, Hakyky dogrulyk we mukaddeslik bilen Hudaýyň keşbinde ýaradylan täze ýaradylyşa besleniň. Indi Ýaradanyň keşbine meňzemekde we Ony tanamakda täze ýaradylyşa besleniň.
Выбор основного перевода