Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýakup dony tanap: «Bu oglumyň dony! Ony bir ýyrtyjy haýwan iýipdir; Ýusup şek-şübhesiz parçalanypdyr» diýip aglady. Olar Ýusuba: «Biz gullaryňyz jemi on iki dogandyrys we Kenganda ýaşaýan bir adamyň ogullarydyrys. Körpämiz kakamyzyň ýanynda galdy, bir doganymyz ýitdi» diýip jogap berdiler. Ýakup: «Oglumy siziň bilen iberjek däl, çünki onuň agasy ölüp, ýeke özi galdy. Eger ýolda Benýamin bir betbagtçylyga uçraýsa, siz meni garrylyk çagymda ölüler dünýäsine hasrat bilen iberersiňiz» diýdi. Ýahuda kakasy Ysraýyla şeýle diýdi: «Sen-de, biz-de, çagalarymyz-da açlykdan ölmän ýaşarymyz ýaly, oglany meniň bilen iber, biz gideli. Şu sözlerden soň oglany goýup, guluň kakamyzyň ýanyna biz nädip baraly?! Onuň jany oglunda ahyryn.
Выбор основного перевода