Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
siz ilkinji doglan her bir erkek göbeklini Rebbiň huzuryna getirmelisiňiz. Mallaryňyzyň ähli ilkinji erkek doglanlary Rebbiňkidir. Ähli ilkinji doglan erkekler Meniňkidir. Siziň sygyrlaryňyzyň we dowarlaryňyzyň hem ilkinji erkek guzlanlary Meniňkidir. Eşegiň ilkinji kürrelän erkek kürresini goýnuň ilkinji toklusy bilen çalşyp, yzyna satyn alyň. Eger çalyşmasaňyz, onda onuň boýnuny omruň. Ähli nowbahar ogullaryňyzy hem çalşyp, yzyna satyn alyň. Meniň öňümde hiç kim eli boş görünmesin. Onsoň ruhany bulary alyp, Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Onuň ysy Rebbe ýakymlydyr. Gurbanlygyň ähli ýagy Rebbe hödür edilsin. Habyl iman arkaly Hudaýa Kabyldan has gowy sadaka hödürledi. Hudaý Habylyň sadakasyndan hoşal bolup, ony imany arkaly dogruçyl adam saýdy. Habyl ölen hem bolsa, iman arkaly häzirem gepleýär.
Выбор основного перевода