Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men ençeme öküzli, eşekli, dowarly hem gul-gyrnakly boldum. Seniň göwnüňi taparym ýaly, men saňa habar ýollaýaryn“». Ýakup ol gijäni şol ýerde geçirdi. Özünde bar bolan mallardan iki ýüz geçi bilen ýigrimi erkeji, iki ýüz goýun bilen ýigrimi goçy, otuz sany köşekli saglyk düýäni, kyrk sygyr bilen on öküzi we ýigrimi sany urkaçy eşek bilen on sany erkek eşegi öz dogany Ysawa sowgat etmek üçin saýlap aldy. Ýakup ol gijäni şol ýerde geçirdi. Özünde bar bolan mallardan iki ýüz geçi bilen ýigrimi erkeji, iki ýüz goýun bilen ýigrimi goçy, otuz sany köşekli saglyk düýäni, kyrk sygyr bilen on öküzi we ýigrimi sany urkaçy eşek bilen on sany erkek eşegi öz dogany Ysawa sowgat etmek üçin saýlap aldy. Ýakup olary aýry-aýry sürüler edip, öz gullarynyň öňüne saldy we olara: «Menden öňde ýöräň we her süriniň arasynda çäk saklaň» diýip tabşyrdy.
Выбор основного перевода