Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Seraýyň hatyrasyna faraon Ybrama ýagşylyk etdi. Ol Ybrama dowarlar, öküzler, eşekler, gul-gyrnaklar we düýeler berdi. Ybram juda baýdy. Onuň süri-süri ownukly-irili mallary, altyn-kümüşleri bardy. Reb meniň jenabyma köp bereket berdi. Ol meniň jenabymy baýadyp, oňa ownukly-irili mallar, altyn-kümüş, gul-gyrnaklar hem-de düýelerdir eşekler berdi. Yshak gitdigisaýy baýap, döwletli adam boldy. Onuň süri-süri ownukly-irili mallary we köp sanly hyzmatkärleri bardy. Şol sebäpli hem piliştliler Yshaga görübilmezçilik etdiler.
Выбор основного перевода