Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Görýän tutuş ýurduňy Men saňa hem-de seniň nesliňe ebedilik berjekdirin. Şol gije Reb Yshaga görnüp: «Men seniň ataň Ybraýymyň Hudaýydyryn. Gorkma, Men seniň bilen biledirin. Men Öz gulum Ybraýymyň hatyrasyna saňa pata bererin hem seniň nesliňi köpelderin» diýdi. Hudaý Ýakuba: «Beýtele git-de, şol ýerde mesgen tut. Doganyň Ysawdan gaçyp barýarkaň, özüňe görnen Hudaýa gurbanlyk sypasyny ýasa» diýdi. Ybraýyma, Yshaga beren ýurdumy saňa we seniň nesliňe bererin» diýdi. Ýakup Ýusuba şeýle diýdi: «Gudratygüýçli Hudaý Kengan topragynda, Luzda maňa görnüp: „Men seni örňedip, köpeldip, senden ençeme halklar dörederin. Kengan topragyny saňa we seniň nesilleriňe ebedi mülk edip bererin“ diýip pata beripdi.
Выбор основного перевода