Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bir gün Günüň jokrama yssy wagtynda Ybraýym Mamräniň dub tokaýjygynyň ýanyndaky çadyrynyň agzynda otyrka, oňa Reb göründi. Rebbiň perişdesi Hajary çöl içindäki, Şur ýolundaky suw gözbaşyndan tapdy. Ol ondan: «Eý, Seraýyň gyrnagy Hajar, nireden gelip, nirä barýarsyň?» diýip sorady. Hajar: «Bikäm Seraýdan gaçyp barýaryn» diýip jogap berdi. Şoňa görä-de Kadeş bilen Berediň arasyndaky ol guýy «Beýer-lahaýroý» diýip atlandyrylandyr. Reb Yshaga görnüp, oňa şeýle diýdi: «Sen Müsüre gitmän, Meniň saňa görkezjek ýurdumda gelmişek bolup ýaşaber. Men seniň bilen bolaryn we seni ýalkaryn. Şu ýurdy tutuşlygyna Men saňa hem seniň nesliňe berjekdirin we ataň Ybraýyma eden wadamy ýerine ýetirjekdirin.
Выбор основного перевода