Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
„Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birleşýär we olaryň ikisi bir ten bolýar“. Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birleşýär we olaryň ikisi bir ten bolýar. Şeýlelikde, olar indi iki däl, bir tendir. Eýsem siz özüni loly bilen birikdireniň onuň bilen bir ten bolýandygyny bilmeýärsiňizmi? Çünki Töwratda: «Ikisi bir ten bolýar» diýip ýazylgydyr. Edil şu tärde ärler-de aýalyny öz bedenlerini söýüşleri ýaly söýmelidirler. Aýalyny söýýän özüni söýýändir. Elbetde, hiç kim hiç haçan öz bedenini ýigrenýän däldir. Gaýtam, edil Mesihiň imanlylar ýygnagyna seredişi ýaly, ony iýmitlendirip, aladasyny edýändir. Sebäbi biz Mesihiň bedeniniň agzalarydyrys. Töwratda şeýle ýazylan: «Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birigýär we olaryň ikisi bir ten bolýar».
Выбор основного перевода